“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabr aýyndan başlap Minskä yzygiderli gatnawlary amala aşyrar

BIZNES TURKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabr aýyndan başlap Minskä yzygiderli gatnawlary amala aşyrar
Aşgabatdan uçýan ýolagçy uçarlary Minska barar we Belarusyň paýtagtyndan Türkmenabat şäherine yzyna gaýdar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabr aýyndan başlap Belarussiýanyň paýtagty Minsk şäherine yzygiderli halkara gatnawlaryny amala aşyrar diýip, Minsk milli howa menziliniň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

“Yzygiderli uçuşlar 1-nji oktýabrdan başlap, hepdäniň şenbe günleri Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça “Boeing 737-800” kysymly ýolagçy uçary tarapyndan amala aşyrylar” diýip, beýanatda bellenilýär.

Aşgabatdan uçýan ýolagçy uçarlary Minska barar we Belarusyň paýtagtyndan Türkmenabat şäherine yzyna gaýdar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sentýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.

2022