ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine duşuşmagy teklip etdi

BIZNES TURKMENISTAN
ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine duşuşmagy teklip etdi
ÝHHG-nyň baş sekretary Helga Mariýa Şmid

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidden ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Gutlag hatynda “Geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň bilen Wenada ýa-da Aşgabatda duşuşmagy özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn” diýip, bellenilýär.

Şeýle-de Helga Mariýa Şmid Döwlet Baştutanymyza jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we howpsuzlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Baş sekretar gutlag hatynda “ÝHHG sebitinde we onuň çäkleriniň daşynda wehimleriň yzygiderli dowam edýän döwründe ysnyşykly gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikler ýüze çykýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýada hem-de ÝHHG sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyr” diýip belledi.

ÝHHG dünýädäki iň uly sebit howpsuzlyk guramasy bolup, 57 ýurt onuň agzasydyr. Türkmenistan bu gurama 1992-nji ýylda agza boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022