Türkmenistanyň Mary welaýatyna Russiýadan “Alekseiç” we “Bezostaýa” görnüşli bugdaý tohumlarynyň jemi 6 müň tonnasy getiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Häzirki wagtda Mary welaýatyna Russiýadan ýokary hasyllylygy, sowuga we guraklyga çydamlylygy, kesellere we ýykylma durnuklylygy bilen tapawutlanýan bu bugdaý tohumlarynyň 1000 tonnadan gowragy gelip gowuşdy.
Tohumlaryň bu görnüşleri Mary welaýatynyň hemme etraplarynda jemi 35 müň 500 gektar meýdana ekiler.
Bugdaý tohumlarynyň şeýle giň möçberde täzelenmegi oňat gögerişiň alynmagyny we hasyllylygyň ýokarlanmagyny kepillendirýär diýip, habarda aýdylýar.
Şu ekiş möwsüminde Mary welaýatynyň 170 müň gektar meýdanynda bugdaý hasyly ösdüriler. Bu möwsüm üçin 39 müň tonnadan gowrak tohumlyk däne taýýar edildi.