Hytaýda elektrik ulaglarynyň satuwynyň artmagy hem-de batareýalar üçin möhüm bolan litiý magdanyna bolan islegiň düýpgöter ýokarlanmagy, dünýädäki elektrik ulaglaryna bolan islegi hem peseldip biler.
Litiý magdanyna bolan islegiň ýakyn günlerde hem artmagyna garaşylýar. Munuň esasy sebäpleriniň arasynda adaty hereketlendirijili ulaglary öndürýän awtoulag kompaniýalarynyň kem-kemden elektrikli awtoulaglara maýa goýýandyklaryny görkezmek bolar.
Litiýniň bahasynyň ýokarlanmagy elektrikli awtoulaglaryň bahasynyň hem ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Bilermenler bu ýagdaýyň elektrikli ulaglaryň dünýäde giň gerimli ulanyşa girizilmegini çäklendirip biljekdigini belleýärler.
Litiý bazarynda kesgitleyiji orna eýe bolan Hytaýda litiý magdanynyň bir tonnasynyň ortaça bahasy 71,000 ABŞ dollaryna (500,500 ýuana) barabar bolup, onuň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse ýokarlandy.
Şeýle-de bolsa, dünýädäki iň uly elektrik ulagy bazary bolan Hytaýda elektrik ulaglarynyň satuwynyň artmagy bilen litiý magdanynyň bahasy ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Başgaça aýdylanda, elektrik ulaglaryna bolan islegiň ýokarlanmagy bilen litiýiň bahasy hem ýokarlanýar. Hytaý Ýolagçy awtoulag birleşigi, şu ýyl ýurtda 6 million täze elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny çaklaýar. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirlende iki esse ýokarydyr.
Sarp edijileriň elektrik ulaglaryna bolan islegleriniň artmagy bilen olaryň önümçilik mukdarynyň global talaby kanagatlandyryp bilmejekdigi çaklanylýar.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, “Toyota”, “General Motors”, “Ford”, “Volkswagen”, “Mercedes” ýaly kompaniýalaryň elektrik awtoulaglaryň önümçiligine başlamagy we bu ugurdaky maýa goýumlary litiý magdanyna bolan islegi artdyrar. Bu kompaniýalar litiý zawodlary bilen deslapky şertnamalary baglaşyp, litiý üpjünçiligini kepillendirmegi maksat edinýärler.
Şeýle hem bilermenler häzirki döwürde dünýä bazaryndaky litiý-ion batareýalarynyň 80%-den gowragynyň elektrik ulaglary üçin ulanylýandygyny belläp, bu görkezijiniň 2030-njy ýylda 90%-e çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty