Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy
Astana şäheriniň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow garşy aldy. (Surat:Gazagystanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni irden döwlet sapary bilen Gazagystanyň paýtagty Astana bardy. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Astana şäheriniň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow garşy aldy.

Saparyň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň köp meselelerini, şeýle hem sebitiň gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine we “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitine gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

2022