Türkmen işewürleri Germaniýada we Eýranda geçiriljek halkara sergilere gatnaşarlar

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen işewürleri Germaniýada we Eýranda geçiriljek halkara sergilere gatnaşarlar
Türkmen işewürleri 24-30-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Mýünhem şäherinde “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasy tarapyndan gurnalýan “BAUMA” sergisini gatnaşar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary şu ýylyň oktýabr aýynda Germaniýada geçiriljek halkara sergilere gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmen işewür wekiliýeti 19-26-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Düsseldorf şäherinde geçiriljek “K-Plastik & Rubber” atly plastmassa we rezin önümleriniň dünýädäki iň uly söwdä sergisine gatnaşar. Bu sergi plastmassa we rezin tehnikalary, çig mal materiallaryny we ýarym taýýar önümleri, tehniki bölekleri hem-de berkidilen plastmassa önümlerini öndürijileri bir meýdançada ýygnar. Her üç ýyldan geçirilýän bu söwda sergisi önümleri we täzelikleri görkezmek üçin, şeýle-de işewür gatnaşyklary üçin oňyn platforma bolup durýar.

Şeýle hem türkmen işewürleri 24-30-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Mýünhem şäherinde “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasy tarapyndan gurnalýan “Bauma” sergisine gatnaşar. Serginiň çäklerinde wekiliýet kompaniýanyň dürli täzelikleri we zawody bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi türkmen işewür wekiliýetini 18-21-nji oktýabr aralygynda Eýranyň Maşat şäherinde geçiriljek lukmançylyk, stomatologiýa, kliniki we hassahana enjamlary we şular ýaly senagatlar boýunça, şeýle hem myhmanhanalaryň, restoranlaryň we kafeleriň taslamasyny taýýarlamak, gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça XVII halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu sergi “Barsaz Ruýdad Pars” kompaniýasy tarapyndan gurnalýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň işewür toparlary 20-22-nji oktýabr aralygynda Moskwada geçiriljek "Russiýada öndürilen" atly halkara eksport forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.

2022