Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyr
Ýewropa Komissiýasynyň merkezi edarasy, Brýussel, Belgiýa

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýandyr. Bu barada Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar.

Şarl Mişel gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentine üstünlik, ähli türkmen halkynyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Biz Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki hyzmatdaşlyga taýýardygyna ýokary baha berýäris hem-de bu görnüşde netijeli pikir alyşmalara garaşýarys” diýip, Ýewropa Geňeşiniň Başlygynyň gutlag hatynda aýdylýar.

Şeýle-de Şarl Mişel öz gutlag hatynda noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “ýaşyl” energetika hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maslahatyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy boljakdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow geçen aý Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle-de hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

2022