Gruziýa türkmen energiýasyny ibermek boýunça deslapky şertnama baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýa türkmen energiýasyny ibermek boýunça deslapky şertnama baglaşyldy
Taraplar türkmen nebitiniň we nebit önümleriniň Gara deňiz portlaryna daşalmagyny gurnamak meselesine garadylar.

Gruziýanyň nebit we gaz korporasiýasy (GOGC) “Türkmengaz” döwlet konserni bilen türkmen tebigy gazyny we nebitini Gruziýa ibermek boýunça deslapky şertnama baglaşdy.

Bu ylalaşyk geçen hepde GOGC-nyň Baş direktory Georgiý Çikowaniniň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiniň Aşgabat şäherine eden saparynyň dowamynda gazanyldy. Bu barada GOGC-nyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

"Türkmengaz" döwlet konserniniň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde günorta Kawkaz energiýa geçelgesiniň üsti bilen türkmen tebigy gazynyň günbatara we Gruziýa eksport edilmegini öňe sürýän geljekki bilelikdäki çäreleri guramak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar Gruziýa türkmen nebitiniň we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmak we olaryň Gara deňiz portlaryna daşalmagyny gurnamak meselesine garadylar.

GOGC 2006-njy ýylyň mart aýynda döredilip, dürli energiýa ugurlarynda işewürlik bilen meşgullanýan köp ugurly kompaniýadyr. Korporasiýa Gruziýanyň gaz üpjünçiligi, onuň howpsuzlygy, şeýle hem üpjünçilik ugurlaryň diwersifikasiýasy boýunça jogapkär.

2022