TDHÇMB-da çarşenbe güni $3,2 millionlyk dizel ýangyjy satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni $3,2 millionlyk dizel ýangyjy satyldy
Owganystanyň wekili 3,1 müň tonna dizel ýangyjyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 3,2 million ABŞ dollaryna deň bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşik baglaşyldy.

Owganystanyň wekili 3,1 müň tonna dizel ýangyjyny satyn aldy. Gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 57 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni habar berdi.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 17 million 775 müň 550 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022