Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda harby türgenleşigiň barşyny synlady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda harby türgenleşigiň barşyny synlady
Harby-okuw meýdan türgenleşigine “Bayraktar TB2” kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji gezek gatnaşdyrylandygy habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. Harby okuw-meýdan türgenleşigi Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde goýlan harby tehnikalary, harby söweşjeň uçarlary, dikuçarlary we goşun bölümlerinde üpjünçilik maksady bilen ulanylýan dürli görnüşdäki harby uçarlary, täze gelip gowşan häzirki zaman harby uçarlary synlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot açyş urgulary hem-de goşunlaryň taktiki hereketleri we “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileriniň, “Deňiz han” korwet gämisiniň hereketleri “TürkmenÄlem 52oE” emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite ekranlarda görkezildi.

Şeýle hem harby-okuw meýdan türgenleşigine “Bayraktar TB2” kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji gezek gatnaşdyrylandygy habarda bellenilýär.

Türgenleşigiň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz “Bu ugurda döwletimiz mundan beýläk-de toplumlaýyn işleri alyp barar. Munuň özi mukaddes topragymyzda asudalygyň berkarar bolmagyna, ýurdumyzyň çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine ýardam berer” diýdi.

2022