Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Rişi Sunagy gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Rişi Sunagy gutlady
Rişi Sunag sişenbe güni patyşa Karl III tarapyndan resmi taýdan Premýer-ministr wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Rişi Sunagy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Rişi Sunaga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Rişi Sunag duşenbe güni Beýik Britaniýanyň Konserwatiw Partiýasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine saýlandy we sişenbe güni patyşa Karl III tarapyndan resmi taýdan Premýer-ministr wezipesine bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022