Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Moskwa bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Moskwa bardy
Howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko garşy aldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine üç günlük dostlukly sapar bilen bardy. Bu barada “Mir 24” teleradiokompaniýasy habar berdi.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko garşy aldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan surat sergisine gatnaşar we Federasiýa Geňeşinde çykyş eder. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy  rus senatorlarynyň gatnaşmagynda “tegelek stol” geçirer.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Watana eden hyzmatlary üçin” atly orden bilen sylaglady.

2022