Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Donald Lu wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň netijelilik, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde durnukly ösüşi hem-de ählumumy abadançylygy gazanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändikleri bellenildi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taraplaryň hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

2022