Türkmenistan bilen ABŞ saglyk we lukmançylyk ylymlary boýunça hyzmatdaşlyk eder

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan bilen ABŞ saglyk we lukmançylyk ylymlary boýunça hyzmatdaşlyk eder
Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň saglygy we lukmançylyk ylymlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Türkmenistan bilen ABŞ-nyň hökümetleriniň arasynda geçirilen duşuşykda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.

Bu resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lunyň ýolbaşçylyk etmeginde ABŞ wekiliýetiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň ahyrynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklara degişli birnäçe meselelere garadylar we halkara hem-de sebit meselelerini, şol sanda owgan meselesini maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň saglygy we lukmançylyk ylymlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini beýan etdiler.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şol bir wagtyň özünde, türkmen-amerikan işewür geňeşiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda howanyň üýtgemegi we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly daşky gurşaw meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi.

2022