Oba hojalygynyň awtomatlaşdyrylmagy: täze mümkinçiliklere açylýan gapy

Nurmyrat Mommaýew
Oba hojalygynyň awtomatlaşdyrylmagy: täze mümkinçiliklere açylýan gapy
FAO azyk önümçiliginiň has netijeli we ekologiýa taýdan arassa bolmagy üçin awtomatlaşdyrmagyň möhüm rol oýnap biljekdigini belleýär.

Traktorlardan başlap emeli intellekte çenli ähli zady öz içine alýan oba hojalygynyň awtomatlaşdyrylmagy azyk önümçiliginiň has netijeli we ekologiýa taýdan arassa bolmagynda ähmiýetli orna eýedir. BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) ýaňy-ýakynda çap eden “2022-nji ýylda azyk we oba hojalygynyň ýagdaýy” atly hasabatynda bellenilişi ýaly, oba hojalygynyň awtomatlaşdyrylmagy global azyk önümçiligini artdyryp biler we bu ösüp barýan ýurtlardaky daýhanlar üçin uly mümkinçilikdir.

Guramanyň iň möhüm hasabatlarynyň biri bolan “2022-nji ýylda Azyk we oba hojalygynyň ýagdaýy” atly hasabata göra, oba hojalygy ulgamyny awtomatlaşdyrmak durnuklylygy üpjün etmäge goşant goşup biler. Hasabatda sanly tehnologiýalar bilen bir hatarda oba hojalygyny awtomatlaşdyrmagyň hereketlendirijileri öwrenilýär.

Hasabatda dünýäniň çar künjeginden 27 mysal esasynda, dünýäniň dürli oba hojalyk önümçilik ulgamlarynda sanly awtomatlaşdyryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işi seljerilýär. Mundan başga-da, hasabatda awtomatlaşdyrmagyň oba hojalygyny çalt özgerdýändigi we täze tehnologiýalaryň ösüp barýan ýurtlardaky daýhanlara uly peýdasynyň bardygy aýdylýar.

FAO azyk önümçiliginiň has netijeli we ekologiýa taýdan arassa bolmagy üçin awtomatlaşdyrmagyň möhüm rol oýnap biljekdigini belleýär. FAO-nyň Baş ykdysatçysy Maksimo Torero täze döreýän tehnologiýalaryň ençeme ýyl mundan ozal göz öňüne hem getirip bolmajakdygyny nygtaýar. Ol muňa mysal hökmünde ösümliklere, haýwanlara gözegçilik edýän hem-de datçikler arkaly miwe ýygnaýan emeli intellekt esasly robotlary görkezýär. Torero awtomatlaşdyryşyň oba hojalygyny has netijeli, täsirli, çydamly we durnukly bolmagyny üpjün edip, iş şertlerini gowulaşdyryp biljekdigini belleýär.

Belläp geçişimiz ýaly, hasabatda dünýäniň çar künjeginden 27 mysala seljerme berilýär. Seljerme işi dürli girdejili iri ýa-da kiçi oba hojalyk öndürijileri üçin öümçiligiň dürli tapgyrlarynda bar bolan tehnologiýalary öz içine alýar. “Hasabat bu tehnologiýalaryň hereketlendirijilerini öwrenýär, esasanam kiçi göwrümli öndürijiler tarapyndan bu tehnologiýalaryň kabul edilmeginde haýsy päsgelçilikleriň bardygyny anyklamagy maksat edinýär” diýip, Torero belleýär. Şeýle hem ol, hasabatda awtomatlaşdyryş bilen baglanyşykly iň köp ýaýran aladalaryň seljerilýandigini, olaryň iň möhüminiň bolsa tehnologiýalaryň işsizlik döredip biljekdigi baradaky aladalardygyny aýdýar.

Hasabatda şeýle aladalaryň artykmaç ulaldylýandygy barada netije çykarylsa-da, oba hojalygyny awtomatlaşdyrmagyň el zähmeti köp we aýlyk haklary az bolan käbir sebitlerde işsizlik döredip biljekdigi kabul edilýär. Şeýle hem, ilatynyň aglaba bölegi ýaşlardan emele gelýän Afrikada bu tehnologiýalaryň durmuşa geçirilmegi üçin işçi güýjiniň başarnyklaryny ösdürmegiň zerurdygy bellenilýär.

Hasabatyň netijelerine göra, ösüp barýan ýurtlara oba hojalygyny awtomatlaşdyrmak arkaly durnukly oba hojalygy ulgamyny döretmek hem-de bu ulgamy goldaýan syýasatlary alyp barmak maslahat berilýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022