Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyzystana sapara çagyrdy

BIZNES TURKMENISTAN
Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyzystana sapara çagyrdy
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar we ýokary derejeli saparlary guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özlerine amatly wagtda Gyrgyzystana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Gyrgyzystanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherinde anna güni geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar we ýokary derejeli saparlary guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli doganlyk türkmen halkyny Türki dünýäniň ýokary ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady.

“Häzirki wagtda Gyrgyzystan we Türkmenistan ýakyn dostlar, strategiki hyzmatdaşlar we doganlyk ýurtlar, iki ýurduň halklary bolsa gadymy döwürlerden bäri dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler” diýip, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow söhbetdeşligiň barşynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde ýurtlaryň parlament derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary gurmagyň we çuňlaşdyrmagyň möhümdigini belläp, duşuşyk üçin hoşallyk bildirdi.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we işjeň depginde ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmek boýunça ylalaşdylar.

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Döwlet Baştutanlary bilen duşuşyk geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022