Samarkantda Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Samarkantda Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjy edaralaryň kanunlary işläp taýýarlamakda tejribe alyşmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň başynda Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Biziň döwletara gatnaşyklarymyza mahsus bolan özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar döwrüň synagyndan geçen mizemez dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar” diýip, söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm ornuny nygtap, kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň, kanunlary işläp taýýarlamakda tejribe alyşmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň Döwlet Baştutanlary bilen duşuşyk geçirdi.

2022