Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TURKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça meselelere degip geçip, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk däpleri esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Samarkantda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we türk Lideri mähirli salamlaşyp, Türki dünýäsiniň ýokary derejeli ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli birek-biregi gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça meselelere degip geçip, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk däpleri esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ony mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, özara duşuşyklary we geňeşmeleri ýola goýmak arkaly kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp guraly bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk Lideri Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, doganlyk türk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

2022