FAO tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmakda Türkmenistany goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmakda Türkmenistany goldaýar
FAO-nyň merkezi binasy, Rim, Italiýa

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmakda Türkmenistany goldaýar. Bu barada FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusunyň aýdanlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Wiorel Gusu Merkezi Aziýada we Türkiýede gurakçylyk we şorlaşma bilen baglanyşykly oba hojalygynyň önümçilik meýdanlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmagy giňeltmek üçin sebitleýin taslamanyň 2018-nji ýylda başlandygyny aýtdy.

“Global daşky gurşaw gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama topragyň şorlaşmagyny durnuklaşdyrmaga, eroziýasyny azaltmaga, suwuny tutmagy we saklamagy gowulandyrmaga, agrobiodürlüligiň ýitgisini azaltmaga, çölleşmegiň öňüni almaga ýardam berjek ýer dolandyryş çemeleşmelerini we tebigy baýlyklary dolandyrmagyň toplumlaýyn usullaryny giňeltmegi maksat edinýär” diýip, FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu gurama 1995-nji ýylda agza boldy. Şondan bäri hem Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda FAO-nyň tehniki goldawy milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak meselesine has köp üns bermek bilen azyk howpsuzlygy, oba hojalygy we oba ösüşi bilen baglanyşykly köp ugurlary öz içine aldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda pagta hasylyny mehanizasiýalaşdyrmak we Türkmenistan bilen Türkiýäniň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagy guramak üçin sanly ulgam arkaly seminar geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022