Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilip, soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň depginli ösýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Alekseý Owerçuk wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilip, soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň depginli ösýändigi bellenildi.

Şeýle hem Russiýanyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hökümetara türkmen-rus toparynyň işi ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmäge hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam bermäge, telekeçilik we maýa goýum işini höweslendirmäge, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk ozaldan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we köpýyllyk tejribä esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022