TDHÇMB-da sişenbe güni 4,5 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni 4,5 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz satyldy
Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gazyň 4 müň 550 tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça 8 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 95 müň 275 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gazyň 4 müň 550 tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 460,5 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni habar berdi.

Söwdalarda satylan suwuklandyrylan gaz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

TDHÇMB-de geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 10 million 265 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022