Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentop bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentop bilen duşuşdy
Duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mustafa Şentop duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny aýtdy we Türkmenistanyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mustafa Şentopyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy öz tarapyndan iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegi ugrunda mundan beýläk-de tagalla etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz we Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentop dostluk däplerine, taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, ählumumy abadançylygyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022