Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady
Ýekşenbe güni geçirilen saýlawda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew saýlawçylaryň 81,31% sesini alyp, ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanyp, Gazagystanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Gazagystanyň halky tarapyndan edilen saýlaw Siziň ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen esasy ugruňyza giňden düşünilýändigini we goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Siziň baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň geljekde-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna, halkara giňişlikde öz abraýyny ýokarlandyrmagyny dowam etdirjekdigine ynanýaryn” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda aýdylýar.

“Biz Türkmenistanda Siziň türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işleriň hem-de gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Gazagystanyň saýlaw toparynyň habaryna görä, ýekşenbe güni geçirilen saýlawda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew saýlawçylaryň 81,31% sesini alyp, ýeňiş gazandy. Saýlawda saýlawçylaryň 69,44%-i gatnaşdy.

2022