Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 614,1 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,8% golaý peseldi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.
Şu ýylyň geçen on aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 443,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 170,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.
Özbegistanyň ýanwar-oktýabr aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 40 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,28 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 22,2% ýokarlandy.
Şu ýylyň geçen on aýynda Özbegistanyň Hytaý bilen söwda dolanyşygy 7,5 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Özbegistanyň importy 5,26 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, eksporty bolsa 2,24 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.
Hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa (7,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gazagystan (3,72 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Türkiýe (takmynan 2,7 milliard ABŞ dollary), Günorta Koreýa (1,97 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gyrgyzystan (989,9 million ABŞ dollary), Germaniýa (870,4 million ABŞ dollary), Owganystan (586,5 million ABŞ dollary) we Hindistan (559,3 million ABŞ dollary) girdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarydyr.