“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanunynynyň 95-nji maddasyna laýyklykda goşulan baha üçin salgydy töleýjiler şulardan ybaratdyr:
- Edara görnüşli taraplar we şahsy taraplar - hususy telekeçiler, şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasynda görkezilen salgyt salynýan amallary geçiren halatlarynda goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durýarlar.
Şeýle hem şu aşakdakylar goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durmaýarlar:
- Türkmenistanyň Merkezi banky;
- Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplar. Şunuň ýaly taraplar nebit işlerine degişli bolmadyk salgyt salynýan amallary geçiren halatlarynda olara şu maddanyň 1-nji bölüminiň güýji degişli bolýar;
- hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar;
- hususy telekeçiler, ýönekeýleşdirilen salgyt salmak ulgamy degişli bolan iş boýunça.
Çeşme: “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanuny