Ankarada Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ankarada Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyklar hem-de sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: Mewlüt Çawuşoglynyň "Twitter" sahypasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň arasynda duşenbe güni Ankarada geçirilen duşuşygyň dowamynda Awazada geçiriljek Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda geçirilen metbugat ýygnagynda Mewlüt Çawuşogly Raşid Meredow bilen geçirilen iki taraplaýyn gepleşiklerde Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinden öň üç ýurduň daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň duşuşyklaryny gurnamagy ylalaşandyklaryny aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministri duşuşyklaryň çäklerinde bäş ylalaşyga gol çekiljekdigini habar berdi. Şeýle hem, Mewlüt Çawuşogly geljek ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä sapar amala aşyrjakdygyny mälim etdi.

Metbugat ýygnagynda Raşid Meredow Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyklary hem-de sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini bermegi dowam etdirmek ugrunda sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegi ylalaşandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Türkiýä sapary ýekşenbe güni başlandy.

2022