Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary Moskwada gepleşik geçirerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary Moskwada gepleşik geçirerler
Raşid Meredow ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa sapar amala aşyrar.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen 6-nji dekabrda Moskwada gepleşik geçirer. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowanyň çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.

Mariýa Zaharowa Raşid Meredowyň ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa sapar amala aşyrjakdygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, duşuşygyň dowamynda taraplaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, şeýle hem GDA-nyň we BMG-niň çäklerinde, “Russiýa-Merkeziýa Aziýa” hem-de “Hazar bäşligi” formatlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi noýabr aýynda bilelikdäki toparyň 12-nji mejlisiniň çäginde dürli ugurlarda ondan gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

2022