Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energiýa kompaniýalary hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energiýa kompaniýalary hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Duşuşyga gatnaşyjylar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň dürli pudaklarda, şol sanda energetika pudagynda üstünlikli ösýändigini aýtdylar.

Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) Prezidenti Rowşan Najaf bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň arasynda Bakuda sişenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

SOCAR-yň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň dürli pudaklarda, şol sanda energetika pudagynda üstünlikli ösýändigini aýtdylar.

Mundan başga-da, resmiler SOCAR bilen “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirdiler we taraplaryň arasynda nebiti gaýtadan işlemek, çig nebit daşamak, söwda we beýleki ugurlarda üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy.

2022