Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 18 million 454 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewürler daşary ýurt puluna uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.
Şeýle hem Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, BAE-niň, Gruziýanyň, Özbegistanyň telekeçileri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri we portlandsement satyn aldylar.
Şeýle-de manat serişdesine Türkiýäniň işewürleri nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 780 müň manada deň boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.