Türkmenistanyň we Russiýanyň Baş diplomatlary Moskwada duşuşyk geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň Baş diplomatlary Moskwada duşuşyk geçirdiler
Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamasyna gol çekdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşi Sergeý Lawrow bilen sişenbe güni Moskwada duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen hökümet wekiliýetiniň Russiýa iki günlük saparynyň çäginde geçirildi.

Duşuşygyň başynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dost-doganlyk häsiýetini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz gezeginde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna, şol sanda energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşaw we beýleki birnäçe ugurlarda alyp barýan işlerine berýän yzygiderli goldawy üçin Russiýa minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar daşary syýasat giňişligindäki hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi, hususan-da sebit we global durnuklylygy saklamak we berkitmek, Hazar we Aral deňzi meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, häzirki zamanyň täze wehimlerine garşy göreşmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda gülläp ösýän iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hem üns berildi. Mundan başga-da, ýokary derejeli diplomatlar ýurtlaryň arasynda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri iki ýurduň esasy bähbitlerine laýyk gelýän sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine goşant goşjak strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamasyna gol çekdiler.

2022