Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Alen Berse Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Alen Berse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Şweýsariýanyň parlamenti çarşenbe güni ýurduň içeri işler ministri Alen Berseni 2023-nji ýyl üçin Şweýsariýanyň Prezidentligine saýlady. 50-ýaşly Alen Berse Prezident wezipesini ikinji gezek ýerine ýetirer. Mundan ozal Alen Berse 2018-nji ýylda Şweýsariýanyň Prezidentligine saýlanypdy.
Şweýsariýada Prezident her ýyl hökümet ministrleriniň arasyndan saýlanylýar. Şol bir wagtda, olar ministrlik borçlaryny dowam edýärler.