Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri bilen duşuşdy
Myhmanlar BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.

Duşuşygyň başynda Sultan Al Jaber hem-de wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirdiler we Döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Bitaraplygyň 27 ýyllygy bilen gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Taraplar wekiliýetiň şu gezekki saparynyň netijeli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şeýle hem dürli ugurlarda ilkinji nobatdaky wezipeleriň kesgitlenilmegine gönükdirilen anyk duşuşyklaryň geçirilmegine ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny, himiýa senagatyny, ulag-kommunikasiýa hem-de maliýe-bank ulgamlaryny netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi we beýleki birnäçe ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini zerur hasap edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, maýa goýumlaryň höweslendirilmegine gönükdirilen, şeýle hem maliýe we hukuk meselelerine degişli ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Myhmanlar öz gezeginde BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şeýle-de wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekiliýetiniň agzalary şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna, gurluşyk, elektroenergetika, awtomobil ýollary gurluşygy we himiýa senagaty pudaklaryna, maliýe-ykdysady toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022