TDHÇMB-da penşenbe güni nebit we dokma önümleri satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni nebit we dokma önümleri satyldy
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdesine nah ýüplügiň 176 müň kilogramyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçiren söwdalarynda dizel ýangyjyny, şepbeşik nebit ýol bitumyny, žakkard sütükli önümlerini we nah ýüplügini satmak boýunça 13 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 4,35 million ABŞ dollaryna we 37,81 million manada deň boldy.

Owganystanly işewür jemi bahasy 4,28 million ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjynyň 4 müň 400 tonnasyny satyn aldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 974,75 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçi daşary ýurt puluna žakkard sütükli önümleriň 11,5 müň tonnasyny satyn aldy.

Mundan başga-da, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdesine nah ýüplügiň 176 müň kilogramyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 7,81 million manada barabar boldy.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler jemi bahasy 30 million manada deň bolan şepbeşik nebit ýol bitumynyň 15 müň tonnasyny satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 22 million 372 müň 430 ABŞ dollaryna deň boldy.

2022