Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýada geçiriljek GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýada geçiriljek GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, GDA Döwlet Baştutanlarynyň däp bolan resmi däl sammiti rus Lideri Wladimir Putiniň başlangyjy bilen 26-27-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geljek hepde Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy ýurduň Lideri Sadyr Žaparowyň 26-njy dekabrda GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga iş saparyny amala aşyrjakdygyny mälim etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, sammite Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýewiň, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, GDA Döwlet Baştutanlarynyň däp bolan resmi däl sammiti rus Lideri Wladimir Putiniň başlangyjy bilen 26-27-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabr aýynda Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

2022