Türkmenistanyň “Galkynyş” käninde täze çylşyrymly gaz guýysy işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň “Galkynyş” käninde täze çylşyrymly gaz guýysy işe girizildi
Çylşyrymly guýynyň 4580 metr çuňlukdan tebigy gazyň akymy alyndy.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan 60-njy gaz guýusy ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň resmi internet sahypasy çarşenbe güni habar berdi.

Guýyny burawlamak 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlandy. Buraw işleri “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň şertnamasy boýunça hytaý hünärmenleri tarapyndan alnyp baryldy.

Çylşyrymly guýynyň gurluşyk işleri wagtynda tamamlanyp, netijede 4580 metr çuňlukdan tebigy gazyň akymy alyndy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesine laýyklykda, ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyna sanly ulgam üstünlikli ornaşdyrylýar. Guýynyň başynda oturdylan süýüm-optiki kabeller, aragatnaşyk we wideo gözegçilik enjamlary türkmen hünärmenlerine guýudan çig tebigy gazyň öndürilişine gözegçilik etmäge we sanly ulgam arkaly ýokary basyşly gaz geçirijisi arkaly daşalmagyny dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konsernine Hytaý kompaniýasy bilen Galkynyş ýatagynda üç sany çylşyrymly guýynyň gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

2022