Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow we Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan Daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow penşenbe güni Daşkentde geçirilen duşuşykda özbek-türkmen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we strategiki hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara söwda dolanyşygynyň görkezijilerini ýokarlandyrmaga, söwda we senagat hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge degişli bolan anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem iki ýurduň wekilleri medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellemek üçin meýilleşdirilen çäreleriň tertibi boýunça pikir alyşdylar.