Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi bellenildi
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi geçen ýylyň awgust aýynda Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Protokol gullugynyň müdirine ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanow şol bir wagtda Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Sapar Pälwanow 2013-nji ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde hünärmen bolup işe başlady. Ol Halkara gatnaşyklar institutynda sapaklary hem berdi. 2015-nji ýyldan başlap Daşary işler ministrliginiň Amerika bölüminde öz zähmet ýoluny dowam etdi we 2018-nji ýylda şol bölümiň başlygy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň iýul aýynda Sapar Pälwanowy Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine belledi.

Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy.

2022