ÝTÖB Türkmenistanyň eksport mümkinçiliginiň ösmegine ýardam berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Türkmenistanyň eksport mümkinçiliginiň ösmegine ýardam berýär
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň esara binasy, London, Beýik Britaniýa

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanyň eksport mümkinçiliginiň ösmegine ýardam berýär. Bu barada ÝTÖB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Tükmenoglunyň aýdanlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi duşenbe güni habar berdi.

Fatih Tükmenoglu ÝTÖB-niň ýurtdaky esasy işiniň biri hem Türkmenistanyň hususy pudagyny ösdürmekden ybaratdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, ÝTÖB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bankyň infrastruktura we maliýe institutlary boýunça öz işini giňeltmek mümkinçiligine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

Fatih Tükmenoglu daşary söwda ugrunda tejribelerini barha ýokarlandyrýan türkmen eksportçylaryna global krizisiň hem belli bir derejede täsir edýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanda eksport işlerini alyp barýan kiçi we orta kärhanalara hem-de bu ugurda täze işe başlamak isleýänlere ÝTÖB-niň ýardam bermegini dowam etdirjekdigini belledi.

“ÝTÖB-niň" Kiçi telekeçilik üçin maslahat" maksatnamasynyň çäginde 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen önüm öndürijileriniň Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlaryndaky geljekki hyzmatdaşlary bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu duşuşyk kiçi we orta kärhanalar üçin bankyň eksporty ösdürmek maksatnamasy tarapyndan gurnalan çäreleriň bir boldy” diýip, Fatih Tükmenoglu aýtdy.

Sözüniň ahyrynda ÝTÖB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy türkmen ykdysadyýetiniň makroykdysady nukdaýnazardan hem has durnukly ýagdaýdadygyny nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022