Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Aşgabat Halkara howa menzilinde Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew we Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Aleksandr Blohin garşy aldylar. (Surat: president.tatarstan.ru)

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow çarşenbe güni iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew we Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin garşy aldylar.

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyň çäginde rus-türkmen işewürler forumynyň umumy mejlisine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar, şeýle hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hyzmat ediş merkezine baryp görer.

Mundan başga-da, Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy meýilleşdirýär.

2022