“Türkmen-Tranzit” bilen “Synergy” Türkmenistanda biznes mekdebi döretmek boýunça şertnama baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen-Tranzit” bilen “Synergy” Türkmenistanda biznes mekdebi döretmek boýunça şertnama baglaşdy
Işewürlik maslahatynyň çäginde Russiýanyň we Türkmenistanyň kompaniýalary birnäçe iri şertnamalara gol çekdiler.

“Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň baş müdiri Farruh Tagiýew bilen “Synergy” korporasiýasynyň Prezidenti Wadim Lobow 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda özara hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekdiler. Şeýlelikde taraplar Türkmenistanda telekeçiler üçin niýetlenen biznes mekdebi döretmegi ylalaşdylar.

“Işewürlik maslahatynyň netijeliligini bellemek bilen netijeli gepleşikleri, ylalaşyklarymyzy we meýilnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin infrastrukturany döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin “Synergy” korporasiýasynyň Prezidenti Wadim Lobowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biziň kompaniýamyzyň esasy maksady Türkmenistanyň çäginde biznes mekdebini we geljekde “Synergy” akademiýasyny döretmek bolup durýar. Bilim meýdançasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň biznes-mekdebiniň esasynda dörediler” diýip, “Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň baş müdiri Farruh Tagiýew aýtdy.

Işewürlik maslahatynyň çäginde Russiýanyň we Türkmenistanyň kompaniýalary birnäçe iri şertnamalara gol çekdiler. Bu bolsa işewürlik ugrundaky okuwyň Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aňladýar.

“Kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna we telekeçilere ýokary hilli bilim bermek üçin täze meýdançalary döretmekde “Synergy” korporasiýasy uly tejribä eýedir. Biz forumyň dowamynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Özara hyzmatdaşlygymyzyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirýärin” diýip, “Synergy” korporasiýasynyň Prezidenti Wadim Lobow nygtady.

Mundan başga-da, taraplar innowasion tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşdylar. "Türkmen-Tranzit" IT ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolup, häzirki wagtda maglumat tehnologiýasynda we aragatnaşyk pudagynda hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

“Türkmen-Tranzit” kompaniýasy maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalary çygrynda işleýän ýokary tehnologiki kompaniýany esaslandyrmak pikirini durmuşa geçirmek maksady bilen 2010-njy ýylda döredildi we hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022