“Rönesans” Ahaldaky gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rönesans” Ahaldaky gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygyna gatnaşar
Ahal welaýatynda ýerleşýän tebigy gazdan benzin öndürýän zawod “Kawasaki Heavy Industries” we “Rönesans Endüstri Tesisleri” konsorsiumlary tarapyndan guruldy.

Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri” kompaniýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Türkiýäniň habar ýaýlymy “Bloomberg HT” çarşenbe güni habar berdi.

“Rönesans Holding” geçen ýylyň 22-nji dekabrynda Tokioda geçirilen türkmen-ýapon 14-nji ykdysady mejlisinde Merkezi Aziýada durmuşa geçiriljek taslama boýunça deslapky ylalaşyklary jemledi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we “Itochu Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý ýolbaşçylyk etdi. Ýaponiýada geçirilen mejlise türkmen hökümetiniň wekilleri, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi we sebitde taslamalary amala aşyrýan türk we ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

“Rönesans” kompaniýasyndan başga-da, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, “Kawasaki Heavy Industries” we “Itochu Corporation” kompaniýalary gol çekdiler.

Ahal welaýatynda ýerleşýän tebigy gazdan benzin öndürýän zawod “Kawasaki Heavy Industries” we “Rönesans Endüstri Tesisleri” konsorsiumlary tarapyndan guruldy we resmi taýdan 2019-njy ýylyň iýun aýynda işe başlady. 1,7 milliard ABŞ dollarlyk bu zawodyň ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Bu kärhana “Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod” diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022