Türkmenistan “Rosgeologiýa” bilen ýerasty baýlyklaryň gözleg işlerini alyp barmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Rosgeologiýa” bilen ýerasty baýlyklaryň gözleg işlerini alyp barmagy meýilleşdirýär
"Rosgeologiýa” kompaniýasy Türkmenistana ýerasty baýlyklary gözlemek ugrunda hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Türkmenistan ýerasty baýlyklaryň gözleg işlerini Russiýanyň geologiýa gözleg kompaniýasy bolan “Rosgeologiýa” bilen işjeň alyp barmagy meýilleşdirýär. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarowyň Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatyndan soň aýdanlaryna salgylanyp, TASS habarlar gullugy şenbe güni habar berdi.

“Işewürlik maslahatyna “Rosgeologiýa” kompaniýasynyň başlygy Sergeý Gorkow gatnaşdy we ol “Türkmengeologiýa”, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmen tarapy ýerasty baýlyklarynyň gözleg işlerini “Rosgeologiýa” kompaniýasy bilen bilelikde işjeň alyp barmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Häzirki wagtda biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygy taýýarlamagyň we gol çekmegiň üstünde işleýäris. Men geljekki işleriň türkmen tarapynyň wekilleri bilen bilelikde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirjek “Rosgeologiýa” kompaniýasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparlarynyň gurnalmagy esasynda alnyp baryljakdygyna ynanýaryn” diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili aýtdy.

Sergeý Gorkowyň aýtmagyna görä, “Rosgeologiýa” kompaniýasy Türkmenistana ýerasty baýlyklary (uglewodorodlary we gaty jisimleri) gözlemek ugrunda hyzmatdaşlygy, ýurtda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak we infrastruktura ýaly dürli taslamalar üçin ýeri öwrenmek işlerine kompaniýanyň gatnaşmagyny teklip etdi.

Türkmen-rus işewürlik maslahaty 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin gatnaşdy. Işewürlik maslahaty 200-den gowrak rus we 150-den gowrak türkmen işewürini bir ýere jemledi.

2022