FAO: ýanwar aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: ýanwar aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi ýanwar aýynda ortaça 131,2 bala ýetdi.

Azyk önümleriniň global bahalary ýanwar aýynda on aý yzygiderli peseldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi ýanwar aýynda ortaça 131,2 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks 2022-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende 0,8 göterim peseldi.Bu bolsa indeksiň 2022-nji ýylyň mart aýyndaky ýeten iň ýokary görkezijisinden 17,9 göterim pesdir.

Habarda bellenilişi ýaly, ösümlik ýaglarynyň, süýdüň we şekeriň bahasynyň düşmegi umumy görkezijiniň peselmegine esas boldy. Galla we et önümleriniň bahalary durnuklylygyna galdy.

Ýanwar aýynda ösümlik ýagynyň bahasy 2,9 göterim, süýt önümleriň bahasy 1,4 göterim, şekeriň bahasy 1,1 göterim arzanlady. Etiň bahasy bolsa 0,1 göterim peseldi.

FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň görkezijisi 2022-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende 0,1 göterim ýokarlandy. Awstraliýa bilen Russiýadaky önümçiligiň garaşylýandan has ýokary bolmagy dünýäde bugdaýyň bahasynyň 2,5 göterim arzanlamagyna sebäp boldy. Aziýanyň tüwi eksport edýän ýurtlarynyň içki bazarlarynda bu önüme bolan islegiň artmagy tüwiniň global bahalaryny 6,2 göterim ýokarlandyrdy.

Şeýle hem FAO galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny paýlaşdy. Çaklama görä, FAO galla önümçiliginiň 2022-2023-nji ýyllaryň hasyl möwsüminde peselmegine garaşýar.

2022