Türkmen elektrik energiýasynyň eksporty 2022-nji ýylda 30% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen elektrik energiýasynyň eksporty 2022-nji ýylda 30% ýokarlandy
Türkmenistan geçen ýyl elektrik energiýa önümçiligini 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim ýokarlandyrdy.

Türkmenistanyň 2022-nji ýylda elektrik energiýa eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 30 göterim ýokarlandy. Bu barada Halkara energetika agentliginiň (IEA) geçen hepde çap edilen “Elektrik energiýa bazary 2023” atly hasabatynda habar berilýär.

Türkmenistan geçen ýyl elektrik energiýa önümçiligini 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim ýokarlandyrdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, eksportyň ýokarlanmagy ýurduň Mary welaýatynda ýerleşýän iri elektrik stansiýasynda önümçiligiň artdyrylmagy bilen baglydyr.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýanyň eksportyny ýola goýup, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda onuň üpjünçiligini 1,7 terawat sagada çenli artdyrdy diýip, IEA öz hasabatynda belledi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda elektrik energiýa üpjünçiligini ýylda 4 terawat sagada çenli artdyrmak boýunça ylalaşdylar. Bu bolsa Özbegistanyň elektrik energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyryp biler.

Merkezi Parižde ýerleşýän Halkara energetika agentligi 1974-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda oňa dünýäniň 30 ýurdy agzadyr. Agentligiň maksady köpçülikleýin energiýa howpsuzlygyny döretmekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022