TDHÇMB-da sişenbe güni $26,8 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni $26,8 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Owganystandan, BAE-den we Özbegistandan gelen işewürler A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 33,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda A-92 kysymly awtoulag benzini we uçar kerosinini satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 26 million 892 müň 750 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystandan gelen telekeçi jemi bahasy 1 million 240 müň 125 ABŞ dollaryna deň bolan Jet A-1 görnüşli uçar kerosininiň 1 müň 500 tonnasyny satyn aldy. Satylan bu önümiň 1 tonnasynyň bahasy 826,75 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Owganystandan, BAE-den we Özbegistandan gelen işewürler bir tonnasynyň bahasy 765,75 ABŞ dollaryna deň bolan A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 33,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 25 million 652 müň 625 ABŞ dollaryna barabar boldy. 

Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri BND 60/90 görnüşli şepbeşik nebit ýol bitumynyň 13 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 32 million 500 müň manada deň boldy.

Mundan başga-da, ýerli işewürler umumy bahasy 495 müň 937 manada deň bolan elde dokalan türkmen halysyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 4 million 729 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022