Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýän iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine kanagatlanma bildirdi. (Surat: President.tj)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Duşanbe şäherinde ýerleşýän Millet köşgünde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýän iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine kanagatlanma bildirdi. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdyşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň, şeýle hem Söwda geňeşiniň işlerini güýçlendirmek teklip edildi.

Duşuşygyň barşynda ulag we ýük daşamak, senagat kärhanalaryny döretmek we Türkmenistanyň ulag geçelgelerini ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.

Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti we Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary ýaly halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýetip gelýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň gün tertibini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin çarşenbe güni Duşanbede geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynyň birinji ýarymynda Täjigistana meýilleşdirilýän döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar.

2022