Türkmen-katar gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

Biznes Türkmenistan
Türkmen-katar gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
Gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga gol çeildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda duşenbe güni Dohada geçirilen ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ol resminamalar şulardan ybaratdyr:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk.

Döwlet Baştutanymyz duşenbe güni “Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynda Katara amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

2022