01.08.2024
10.08.2024

Daşoguz welaýat häkimligi prokuratura edara binasynyň gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, Görogly etrabynyň prokuraturasynyň edara binasynyň gurluşyk işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 10-njy awgustyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 322-9-03-02

Faks:

+993 322-9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi
Bulary hem okaň
2022