14.09.2024
29.10.2024

"Türkmenhimiýa" DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan “Garabogazkarbamid” zawody üçin aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №2 – Umumy we tehnologiki enjamlar

Lot №3 – Elektrotehniki önümler

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi serişdeler

Lot №6 – Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika üçin ätiýaçlyk şaýlar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän önümleriň bahalary bilen täjirçilik teklibi bolmaly. Bäsleşik teklipli bukjada ähli resminamalaryň skanirlenen görnüşi “PDF” formatynda we “Excel” formatynda spesifikasiýa görkezilmelidir.

Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmenhimiya.gov.tm web sahypasyndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-01-85

+993 12 39-02-46

+993 12 39-02-41

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022