Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry, Gazagystanyň Astana şäheri (Surat: Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Astana şäherine iş saparynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

Habarda berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin anna güni Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmen Halkynyň Milli Liderini Gazagystan Respublikasynyň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Türki Döwletleriň Guramasy türki dilli ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady, bilim, ylym, ulag we syýahatçylyk ugurlarynda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen döredilen halkara guramadyr.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan guramanyň doly hukukly agzalary bolup, Türkmenistan, Wengriýa we Demirgazyk Kipr türk Respublikasy synçy agza hökmünde gatnaşýarlar.

Suratlar: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

2022